Garet Beýl karýerasyny tamamlaýar

  • 10.01.2023 20:09
  • 13k+

Hüjümçi Garet Beýl özüniň sosial ulgamlardaky sahypasynda 33 ýaşynda professional karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi. Muny championat.com ýetirýär.

“Köp pikirlenenimden soň men klub we halkara derejesindäki karýeramy tamamlaýandygymy mälim edýärin. Maňa arzuwymy durmuşa geçirmek we gowy görýän sportum bilen meşgullanmak nesip etdi. Indi men durmuşymyň täze bir sahypasyna tarap hereket edýärin. Täze başdan geçirmeler üçin üýtgeşmeleriň we mümkinçilikleriň wagty geldi” – diýip, Beýl ýazdy.

Beýliň karýerasyndaky soňky klub “Los-Anjeles” boldy. Öň, futbolçy “Sautgempton”, “Tottenhem Hotspur” we Madridiň “Realy” toparlarynda oýnady. Ispaniýanyň klubunyň düzüminde Beýl bäş gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.
2022-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda ol Uelsiň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş etdi. Uelsliler B toparçada soňky orny eýeläp, ýaryşyň indiki tapgyryna çykyp bilmediler.


şu gün 13:51
3.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......