Samsung Galaxy S23 flagmanyny tanyşdyrjak senesini resmi mälim etdi

  • 10.01.2023 07:35
  • 15k+

Deslapky maglumatlara görä, täze Samsung Galaxy S23 flagmanynyň ilkinji görkezilişini 1-nji fewralda geçirmek meýilleşdirilipdi, indi bolsa kompaniýa bu senäni tassyklady: Kolumbiýanyň Samsung saýtynda degişli banner peýda boldy.

Suratda üç modully kamera görkezilýär – şeýle kamera Galaxy S23-de we Galaxy S23 Plus-de bolar, Galaxy S23 Ultra köp sanly modully kamera alar. Tizer "epiki pursatlary" wada berýär, megerem bu, Samsung-yň telefonlar bilen birlikde, ýene birnäçe täze önüm hödürlejekdigini görkezýän bolsa gerek.
Galaxy S23 hatarynyň modelleriniň görkezijileri eýýäm birnäçe gezek agzaldy. Olaryň hemmesi SoC Snapdragon 8 Gen 2 alar. Batareýanyň kuwwaty 3900 (S23), 4700 (S23 Plus) we 5000 mA.s (S23 Ultra) bolar. Ekranyň diagonallary degişlilikde 6.1, 6.6 we 6.8 dýuým. Galaxy S23 Ultra -da 200, 10, 10 we 12 Mp razreşeniýeli datçigi bolan kamera, beýleki iki modelde bolsa 50, 10 we 12 MP razreşeniýeli datçik bolar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...