Habib Nurmagomedow MMA-dan gitdi

  • 09.01.2023 15:44
  • 48k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýeňil agramda öňki çempiony Habib Nurmagomedow garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) pudagyndan gitdi. Bu barada Nurmagomedowa ýakyn üç çeşme TASS habarlar agentligine habar berdi.

“Habib MMA pudagyny terk etdi. Ol indi türgenleşik geçmez, topary bilen ýygnanyşyklarda bolmaz. Bu maşgalasy bilen köp wagt geçirmek üçin edildi” – diýip, agentligiň söhbetdeşi belledi.

Nurmagomedow 34 ýaşynda, ol 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda UFC-de karýerasyny tamamlady. Garyşyk başa-baş söweş sungatynda onuň hasabynda 29 ýeňiş bolup, ýekeje-de ýeňliş ýokdur. Ol ahyrky söweşinde amerikaly Jastin Getjini ikinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi we söweşden soň karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Ol özüniň gelen netijesini ejesine beren wadasy bilen düşündirdi.
Russiýaly söweşiji 2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde amerikaly El Ýakwintany eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňip, UFC-niň çempiony boldy. Ol üç gezek irlandiýaly Konor Makgregora, amerikaly Dastin Porýe we Getjä garşy söweşlerde tituly gorady. 2022-nji ýylyň mart aýynda Nurmagomedow UFC-niň Şöhratlar zalyna goşuldy.
Sport karýerasyny tamamlandan soň Nurmagomedow tälimçi boldy. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Habib Nurmagomedow Gorilla Fighting Championship ligasyny satyn alyp, onuň adyny Eagle Fighting Championship diýip üýtgetdi.


18.06.2026 22:41
8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......