Ýaponiýada sakuranyň irki görnüşiniň güllemegi ýazdan habar berýär

  • 09.01.2023 15:11
  • 9.6k+

Adatça heniz ýaz gelmänkä, sowuk howada gülleýän sakura Tokionyň demirgazygyndaky Ibaraki prefekturasynyň Hitati şäherinde gülledi. Bu barada bigasia.ru habar berýär. Hitachi Beni Kanzakura görnüşiniň açyk gülgüne gülýaprajyklary bar. Şeýle agaçlaryň 280-e golaýyny Hitatidäki seýilgählerde, mekdeplerde we beýleki ýerlerde görmek bolýar.

Geçen hepdäniň başynda şäher ýolbaşçylary ýerli seýilgähe baryp, 30 töweregi sakura agajynda birnäçe açylyp başlan gunçalary gördüler. Şu ýyl agaçlaryň adatdakysyndan bir hepde ir gülländigi aýdylýar. Bu ýere gelenler gülleriň owadanlygyna haýran galyp surata düşdüler.
Agaçlar fewral aýynyň ahyrynda doly güllär we mart aýynyň başyna çenli bu gülleri synlap lezzet almak bolar.


18.06.2026 22:13
5.2k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......