Samsung 2023-nji ýylda ilkinji smartfonlaryny tanyşdyryp başlajak senesini mälim etdi

  • 08.01.2023 13:49
  • 28k+

Samsung täze ykjam telefonlaryň hödürlenjek ilkinji çäresiniň senesini mälim etdi. Ol 18-nji ýanwarda Hindistanda geçiriler. Köpleriň täze Galaxy S23 flagmanlarynyň hödürlenmegine garaşýandyklaryna garamazdan, bu çäre olara bagyşlanmaz, onda Galaxy A hatarynyň telefonlary hödürlener.

Ilkinji tizerde üç kamera we 120 Gs kadr ýygylykly ekran görkezilýär. Ýagny, gürrüň Galaxy A54 5G barada bolmaly, ýöne kompaniýa Galaxy A34 5G telefonyny hem hödürläp biler. Onuň hem üç kamerasynyň bolmagyna garaşylýar, emma gürrüňlere görä, onuň kadr ýygylygy 90 Gs bolmaly. Soňky döwürlerde modelleriň ikisi barada-da gürrüňler köp ýaýrady, bu hem olaryň ýakyn wagtda anons ediljekdigini görkezýär.
Belläp geçsek, Galaxy A34 5G diagonaly 6,5 dýuým bolan AMOLED ekranyna, SoC Exynos 1380 çipsetine, 48 Mp esasy kamera we 5000 mA/s sygymly akkumulýatora eýe bolmaly. Galaxy A54 5G barada aýdylanda, ol 5100 mA/s sygymly akkumulýatora, 50 Mp kamera we 6,4 dýuým diagonally AMOLED ekranyna eýe bolup biler.


18.06.2026 22:08
2.9k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....