Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysyna täze baş tälimçi bellenildi

  • 07.01.2023 15:54
  • 47k+

«Ahal» futbol klubunyň tälimçisi Mergen Orazow futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellenildi. Şeýle karar Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi.

Mergen Orazow Türkmenistanda 2022 möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi. Onuň ýolbaşçylygynda «Ahal» topary taryhda ilkinji gezek çempion boldy.
Şeýle hem Ýerine ýetiriji geňeşiň karary bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň «Deňizçi» klubunyň tälimçisi Ýakup Öwezow futzal boýunça milli ýygyndynyň tälimçisi bellenildi. Geçen möwsümde onuň ýolbaşçylygynda klub futzal boýunça Superligany gazandy.
Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň tälimçisi Ahmet Agamyradowyň we 20 ýaşa çenli ýygyndysynyň tälimçisi Seýit Seýidowyň, şeýle hem Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň tälimçisi Kamil Mingazowyň ygtyýarlyklary uzaldyldy.


şu gün 08:03
1.3k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....