Nowak Jokowiç abraýly ýaryşlary sypdyryp biler

  • 07.01.2023 15:29
  • 4.7k+

ABŞ-nyň ýurda gelýänleriň sanjym kepilnamasynyň bolmagyny talap edýän düzgünleriň hereket ediş möhletini uzaldandygy sebäpli tennisçi Nowak Jokowiç iki sany möhüm amerikan ýaryşyny – “Indian-Uells” we “Maýami open” ýaryşlaryny sypdyrmaly bolar. Bu barada ru.publika.md saýtynda habar berilýär.

Indi ABŞ-a girilende koronawirusa garşy sanjym kepilnamasy azyndan 10-njy aprele çenli talap ediler. Jokowiç bolsa şeýle sanjymy almandygyny boýun aldy.
“Indian-Uells” we “Maýami open” “Uly tuwulga” ýaryşlaryndan soň tennis senenamasyndaky iň abraýly iki ýaryşdyr. Olar, degişlilikde, 6-njy we 20-nji martda başlaýar.
Häzirki wagtda Jokowiç Awstraliýadaky oýunlara gatnaşýar. Ýatlap geçsek, bir ýyl mundan ozal Jokowiç sanjym meselesi sebäpli Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň öňüsyrasynda ol ýerden uly dawa bilen deportasiýa edilipdi.
Awstraliýa hökmany sanjym baradaky talabyny heniz iýul aýynda ýatyrdy, noýabr aýynda bolsa Jokowiç üçin ýurda girişe üç ýyl gadaganlyk ýatyryldy.
Häzir Jokowiç ýylyň ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşyna, 16-njy ýanwarda başlaýan Awstraliýanyň Açyk çempionatyna taýýarlanýar. Jokowiç bu ýaryşda dokuz gezek ýeňiş gazandy. Umuman alanyňda, onuň “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 21 ýeňşi bar, bu şeýle ýeňişleriň sany boýunça rekord eýesi Rafael Nadaldan bir san azdyr.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......