Sony we Honda täze Afeela awtomobil markasyny döretdiler

  • 07.01.2023 11:50
  • 13k+

ABŞ-da geçirilen CES 2023 elektronika we tehnologiýa sergisinde Sony we Honda bilelikde döredilen Afeela markasynyň awtomobiliniň ilkinji prototipini görkezdiler. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Bilelikdäki kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, “Afeela” sözi iňlis dilindäki “feel” – “duýmak” sözünden gelip çykyp, awtomobil bilen adamyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejesini alamatlandyrmalydyr.
Bu elektromobilde bir wagtyň özünde sürüjä kömek bermek we güýmenje mazmuny üçin ulanyp boljak awtomobil prosessoryny çykaran Qualcomm kompaniýasynyň önümleri we tehnologiýalary ulanylar.
Sergide hödürlenen Afeela prototipi 40-dan gowrak datçikler we kameralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ilkinji Afeela ABŞ-da, Honda-nyň Ogaýodaky kärhanasynda ýygnalar. Ilkinji sargytlar 2025-nji ýylda kabul edilip başlanar, hakyky satuw bolsa 2026-njy ýylda başlar. Kompaniýanyň dilerlerden ýüz öwürmegi hem ähtimal, sebäbi öň Sony Honda Mobility-nyň awtoulaglary onlaýn satjakdygy habar berlipdi.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......