Ýakynda Redmi Note 12 Pro+ dünýä bazarlaryna satuwa çykar

  • 06.01.2023 16:56
  • 21k+

Redmi Note 12 telefonlary Hytaýda birnäçe aý bäri satuwa çykarylýar we ýakyn wagtda Hytaýyň daşyna-da çykarylar. Häzirki wagtda täze önümleriň ilkinji görkezilişi Hindistanda geçdi, ýöne global Redmi Note 12 Pro + eýýäm GSMArena-nyň ygtyýarynda. Telefonda hytaý wersiýasynyň ähli parametrleri saklanyp galypdyr.

Şeýlelik bilen, kadr tizligi 120 Hz, iň ýokary ýagtylygy 900 kd / kw.m., 6.67 dýuýmlyk AMOLED ekrany we taplanan aýna görnüşindäki Gorilla Glass 5 goragy bilen enjamlaşdyrylandyr. Öň kamerasy 16 megapiksel datçikli. AMOLED ekranyň bardygyna garamazdan, ekranyň aşagynda barmak yz skaneri ýok - ol gapdal tarapynda ýerleşýär.
Enjamyň yzky paneli hem aýnadandyr. Kamerada üç datçik bar: 200 megapiksel durulykda esasy Samsung ISOCELL HPX, 8 megapiksel ultra giň burçly linzaly we 2 megapikselli makro linzaly. Esasy modulda optiki şekil stabilizasiýasy bar.
Global Redmi Note 12 Pro +, hytaýyňky ýaly, SoC Dimensity 1080-de guruldy. LPDDR4X RAM-yň göwrümi 12 Gb-a ýetýär, fleş ýadyň görnüşi UFS 2.2. Telefon MIUI 13 interfeýsi we noýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri bilen Android 12-de işleýär. Batareýanyň kuwwaty 4980 mA.s, 120 Wt-lyk zarýady göterýär. Degişli elektrik üpjünçiligi onuň toplumyna girýär. Bulardan başga-da, toplumda kabel we gorag daşlygy bar. Indi global Redmi Note 12 Pro + -yň diňe bahasyny biläýmek galdy.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...