iPad mini 3 resmi taýdan könelen diýlip yglan edildi

  • 04.01.2023 17:17
  • 9.6k+

Apple kompaniýasy iPad mini 3-iň könelen önüme öwrülendigini resmi taýdan ykrar etdi. Planşet ilkinji gezek iPad Air 2 bilen bilelikde çykypdy we 2014-nji ýylda bir kristally Apple A7 ulgamynyň bazasynda gurlupdy.

Bu — mundan bu ýana gurluşy resmi ygtyýarly hyzmat merkezlerinde abatlatmagyň kyn düşjekdigini aňladýar. Has takygy: planşeti ammarlarda indi eltilmegi bes edilen ätiýaçlyk şaýlary tapylan halatynda abatlamak mümkin bolar. Şaý toplumlary ýok bolsa, abatlamakdan ýüz öwrerler.
Adatça, Apple 7 ýyldan gowrak wagt bäri satylýan önümlerini könelişen hasaplaýar. Apple geçen ýazda iPad mini 2-niň we iPad Air -niň könelendigini yglan edipdi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...