«Marakana» stadionynyň golaýyndaky ýollaryň birine Peläniň ady dakyldy

  • 04.01.2023 16:52
  • 14k+

Futbol boýunça dünýäniň üç gezek çempiony Peläniň hormatyna Braziliýanyň esasy stadiony «Marakana» barýan esasy ýollaryň birine onuň adyny dakylar. Bu karar şäher häkimligi tarapyndan kabul edildi.

Bu barada Rio-de-Žaneýro şäheriniň häkimi Eduardu Paýes şahsy twitter-akkauntynda mälim etdi. Ol: ««Marakananyň» töwereginden geçýän Günbatar radial şaýoly Pele şaýoly diýlip atlandyrylar. Bu baradaky perman ertir çap ediler» — diýip ýazdy.

«Futbol şasy» bilen hoşlaşyk däbiniň sişenbe güni tamamlanandygyny ýatladýarys. Matam däbi bir gije-gündizläp Peläniň karýerasynda oýunlarynyň köp bölegini oýnan ýeri bolan «Santos» futbol klubunyň öý stadionynda dowam etdi.
Sişenbe güni ýas kerweni şäheriň içi bilen geçirildi, şondan soň ady rowaýata öwrülen futbolçy jaýlandy. Pele 29-njy dekabrda 82 ýaşynyň içinde uzaga çeken keselden soň dünýesini täzeledi.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....