Messi — 2022-nji ýylda halkara oýunlarynda iň köp gol geçiren futbolçy

  • 03.01.2023 16:46
  • 15k+

«PSŽ-niň» hüjümçisi Lionel Messi 2022-nji ýylda geçirilen halkara oýunlarynda iň köp gol geçirenleriň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Sanawda halkara ýaryşlarynda klub we milli ýygyndy üçin girizilen gollar hasaba alyndy.

Birinji orunda 22 gol bilen argentinaly ýyldyz Lionel Messi durýar. Üçlüge Kilian Mbappe we Hulian Alwares hem girýär.

  1. Lionel Messi («PSŽ», Argentina) - 22 gol (klub üçin 4 + milli ýygyndy üçin 18).
  2. Kilian Mbappe («PSŽ», Fransiýa) - 21 (9 + 12).
  3. Hulian Alwares (“Mançester Siti”, Argentina) - 15 (8 + 7).
  4. Erling Holand (“Borussiýa” Dortmund, “Mançester Siti”, Norwegiýa) - 14 (5+9).
  5. Sadio Mane (“Liwerpul”, “Bawariýa”, Senegal) - 14 (6 + 8).
  6. Robert Lewandowski (“Bawariýa”, “Barselona”, ​​Polşa) - 13 (9 + 4).
  7. Pedro (“Flamengo”, Braziliýa) - 13 (12 + 1).
  8. Eldor Şomurodow (“Roma”, Özbegistan) - 12 (1 + 11).
  9. Rişarlison (“Ewerton”, “Tottenhem”, Braziliýa) - 12 (2 + 10).
  10. Mohamed Salah (“Liwerpul”, Müsür) - 12 (8 + 4).

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......