Lula da Silwa Braziliýanyň prezidenti wezipesine resmi taýdan girişdi

  • 02.01.2023 13:43
  • 15k+

Luis Inasiu Lula da Silwa üçünji gezek Braziliýanyň prezidenti hökmünde işe başlady. Syýasatçy owal 2003-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli ýurda ýolbaşçylyk edipdi. Bu gezek ol saýlawda Žair Bolsonarudan üstün çykdy. Bolsonaru kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmady: ol geçen anna güni ýurtdan gitdi.

Milli Kongresiň binasyna gitmezden ozal, Lula da Silwa we täze wise-prezident Jeraldo Alkmin ýurduň paýtagtynyň köçelerinden üsti açyk awtoulagda geçdiler. Olary müňlerçe tarapdarlary tolgunmak bilen garşy aldylar.
Lula da Silwa Braziliýanyň halky bilen bilelikde ýurdy dikeltmegi, 33 million raýaty açlykdan we döwletiň 100 million ilatyny garyplykdan halas etmegi wada berdi.


03.04.2026 14:35
1.4k+

Türkmenistan bilen Braziliýanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli......

31.10.2025 11:43
6.7k+

Rio-de-Žaneýrodaky meşhur Maracana stadiony satuwa çykaryldy

Rio-de-Žaneýronyň häkimiýeti “Fluminense” we “Flamengo” futbol klublarynyň öý oýunlarynyň geçýän ýeri bolan meşhur Maracana stadionyny satuwa çykarmak kararyna geldi. Bu barada RMC Sport habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýdançanyň satuwy ony saklamak üçin çykdajylary azaltmak we sebitiň 1,89 mlrd ýewrolyk bergilerini bölekleýin ýapmak islegi bilen baglanyşykly boldy...

16.10.2025 10:26
7.6k+

BYD San-Pauluda SkyRail "asman otlusyny" işe girizdi

Braziliýanyň iň uly şäherleriniň biri San-Paulu şäherinde Hytaýyň BYD kompaniýasynyň “SkyRail” atly “asman otlusy” işe girizildi diýip, MyDrivers neşiri habar berýär. Täze ulag ulgamy bir wagtyň özünde 616 ýolagçyny gatnadyp bilýär...

08.09.2025 10:52
1.3k+

Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...