2022-nji ýylda bitkoin 60%-den gowrak arzanlady

  • 31.12.2022 18:05
  • 9.8k+

2022-nji ýylyň jemleri boýunça bitkoiniň bahasy 60%-den gowrak pese gaçdy: dekabr aýynyň ahyrynda, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda gazanylan iň ýokary 70,000 dollar bilen deňeşdirilende, 16 500 dollar töweregi derejede boldy.

Trading Economics-iň habaryna görä, bitkoin 2021-nji ýylda bazarlara kapitalyň gelmegi we aşa pes ýa-da nol göterim derejesi bilen goldanyldy, şonda Goldman Sachs-yň ekspertleri bitkoini hatda altyna-da deňediler.
Bu aralykda, 2022-nji ýylda inflýasiýanyň ýokarlanmagy we maliýe şertleriniň bekedilmegi kriptowalýuta bazarynyň çökmegine sebäp boldy.
Ilki-hä TerraUSD steýblkoýnynyň çökmegi, soňra bolsa dünýäde ikinji orunda durýan FTX kriptowalýuta biržasynyň batmagy bilen satuw hasam güýçlendi.
CoinDesk-iň maglumatlaryna görä, bitkoiniň alyş-çalyş hümmeti anna güni 0,8% aşaklap, 16,471 dollara geldi.


06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.3k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...