«Al-Nasr» Ronalduny lukmançylyk barlagyndan geçirmegi meýilleşdirýär

  • 28.12.2022 11:46
  • 26k+

Kriştianu Ronaldu «Al-Nasr» klubuna geçmäge ýakyn geldi.

Klub eýýäm oýunçynyň lukmançylyk barlagyndan geçmeli senesini belledi diýip, CBS Sports habar berýär. Şeýle-de, portugaliýaly türgen we onuň wekilleri üçin ýaşamaga ýer bronlap goýuldy.
Saudlylar gyşky transfer penjiresi açylýança ähli resmilikler taýýar bolar diýip umyt edýärler. Şertnamanyň umumy şertleri eýýäm ylalaşyldy, indi oýunçynyň diňe öz sözüne garaşylýar — şertnamany baglanyşjagyny-baglanyşmajagyny onuň özi kesgitlemeli diýip habar berilýär.
Hüjümçiniň saud kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli diýip göz öňünde tutulýar, onuň girdejisi bolsa ýylda 200 million ýewro bolar.


şu gün 10:53
1

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......