Eýranly futbolçy «Portunyň» taryhynda iň oňat bombardirleriň biri boldy

  • 27.12.2022 14:41
  • 13k+

Eýranyň futbol boýunça ýygyndysynyň ýyldyzy, Portugaliýanyň «Portu» toparynyň taryhynda iň oňat bombardirleriň sanawyna düşdi.

Portugaliýanyň OJOGO portalynyň habar berşi ýaly, Mehdi Taremi «Portu» futbol klubunyň iň oňat bombardirleriniň reýtinginde simwolik rekord gazandy diýip, IRNA salgylanýan Trend ýazýar.
Katarda geçen Futbol boýunça dünýä çempionatyndan dolanyp gelen Taremi Wizeliň topary bilen bolan oýunda gol saldy. Liganyň Kubogynyň toparlar arasyndaky tapgyrynyň soňky turynda eýranly hüjümçi Žil Wisentiň garşysyna oýnalan oýunda ýene-de hasaby açdy. Şeýlelikde, ol «Portu» futbol klubynyň taryhynda iň gowy bombardirleriň arasynda 25-nji ýeri eýeledi.
Eýranly futbolçy Jalmudan we Lisandrodan öňe geçip, klub üçin oýnalan 118 oýundan soň, Tikinýo Soareşiň 64 goly bilen deňleşdi. Ýagny onuň her oýun üçin ortaça 0,54 goly bar.

 


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....