Samsung Galaxy S23 smartfonlarynyň resmi posterleri torda görnüp ugrady

  • 27.12.2022 14:36
  • 18k+

Internetde Samsungyň birbada iki sany flagmanynyň - Galaxy S23 Plus-yň we  Galaxy S23 Ultra-nyň täze şekilleri çap edildi. 

Mahabat şekili harydy bähbitli ýagtylykda görkezmäge çalyşýar we agzalan ýagdaýda gurluşyň reňkiniň tutýan orny uludyr. Galaxy S23 Plus-yň hem,  Galaxy S23 Ultra-nyň hem başga reňkli görnüşleri bolar, ýöne mahabat banneri ýa-da listowka üçin ýörite reňler saýlandy (iPhone-nyň soňky nesliniňki ýaly benewşe reňke pisint). Galaxy S23 Ultra üçin - ýaşyl, Galaxy S23 Plus üçin - gülgüne (ýa-da , suratdan çen tutsaň, gülgüne-benewşe) reňkli.
Telefonlar hakynda täze tehniki jikme-jiklik aýdylmaýar.
Belli Ice Universe insaýderiniň maglumatlaryna görä, ilkinji resmi görkeziliş 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda geçer.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...