«Oskar» baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawy çap edildi

  • 25.12.2022 23:49
  • 16k+

Amerikanyň kinoakademiýasy on sany "oskar" kategoriýasynda dalaşgärleriň gysga sanawyny bildiriş etdi. Dalaşgärleriň "bäşligi" 24-nji ýanwarda yglan ediler. 

Halkara film kategoriýasyna geçenler: "Günbatar frontda üýtgeşme ýok" (Germaniýa), "Gitmek karary" (Günorta Koreýa), "Korsaž" (Awstriýa) we beýlekiler. Özboluşly saundtrekdäki dalaşgärleriň arasynda "Wawilon", "Hemmesi hemme ýerde we birbada", "Pinokkio Gilýermo del Toro" we "Inişeriniň Banşisi " bar.
Wizual effekt babatynda "Awataryň", "Gara babyryň" we "Doktor Strenjiň", "Ýura eýýamynyň seýilgähi" we "Hyýaly mahluklaryň" sikwelleri, şeýle hem "Top Gan: Mewerik" öz aralarynda bäsleşer. Grim we saç timary babatynda Ana de Armasyň oýnaýan "Elwis", "Saryýagyz zenan" filmleri we Brendan Freýzeriň oýnaýan "Läheň" filmi bellige alyndy.
Gysga metražly dokumental taslamalaryň sananawyna Maksim bilen Ýewgeniýa Arbugaýewleriň Çukotkadaky klimat krizisinden gürrüň berýän "Çykalga" atly rus  filmi girdi. Şeýle-de, lenta Berlinal bäsleşiklerine we Beat festiwalyna hem gatnaşdy.

Doly sanaw aşakda görkezilýär. "Oskar" baýragynyň gowşurylyşynyň 95-nji ýubileý dabarasy 12-nji martdan 13-nji marta geçilen gije geçer.  

*Halkara film:

  • "Argentina, 1985" - Argentina
  • "Bardo" - Meksika
  • "Ýakyn" - Belgiýa
  • "Seula gaýdyp gelmek" - Kamboja
  • "Joýlend" - Pakistan
  • "Kairdäki dildüwşük" - Şwesiýa
  • "Ia" - Polşa
  • "Korsaž" - Awstriýa
  • "Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok" - Germaniýa
  • "Bir gezek kinoda" - Hindistan
  • "Gitmek karary" - Günorta Koreýa
  • "Sent-Omer" - Fransiýa
  • "Gök kaftan" - Marokko
  • "Ýuwaş adam" - Irlandiýa
  • "Ganhor (Keramatly möý)" - Daniýa

* Özboluşly saundtrek:

  • "Awatar: Suwuň ýoly"
  • "Inişeriniň Banşisi"
  • "Wawilon"
  • "Hemmesi hemme ýerde we birbada"
  • "Aýallar diýýär"
  • "Iki gat petle"
  • "Pyçak çykarmak: Çüýşe gümmez"
  • "Onuň hakykaty"
  • "Aýal - patyşa"
  • "Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok"
  • "Alada etme, gülüm"
  • "Ýok"
  • "Pinokkio Gilýermo del Toro"
  • "Fabelmanlar"
  • "Gara Babyr: baky Wakanda"

* Wizual effektler:

  • "Awatar: Suw ýoly"
  • "Betmen"
  • "Lukman Strenj: Telbeligiň multiäleminde"
  • "Ýur eýýamynyň dünýäsi: Agalyk"
  • "Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok"
  • "Ýok"
  • "Top Gan: Mewerik"
  • "Hyýaly mahluklar: Dambldoryň syrlary"
  • "Gara Babyr: Baky Wakanda"
  • "13 ömür"

* Grim we saç bezegi:

  • "Amsterdam"
  • "Saryýagyz zenan"
  • "Betmen"
  • "Wawilon"
  • "Läheň"
  • "Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok"
  • "Azat bolmak"
  • "Geljegiň jenaýaty"
  • "Gara Babyr: Baky Wakanda"
  • "Elwis"

* Ses:

  • "Awatar: Suwuň ýoly"
  • "Betmen"
  • "Wawilon"
  • "Hemmesi hemme ýerde we birbada"
  • "Dewid Boui: Moonage Daydream"
  • "Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok"
  • "Pinokkio Gilýermo del Toro"
  • "Top Gan: Mewerik"
  • "Gara Babyr: Baky Wakanda"
  • "Elwis"

28.03.2026 15:27
3.1k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.5k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...

16.03.2026 23:36
6.9k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...

16.03.2026 11:24
4.4k+

«Bir söweşden soň beýleki» «Oskar — 2026» dabarasynda iň gowy film boldy

Amerikan režissýory Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi 98-nji «Oskar» gowşurylyş dabarasynyň baş baýragyna mynasyp boldy. Film «Iň gowy film» kategoriýasynda ýeňiji diýlip ykrar edildi...