Redmi Note 12 Pro-nyň dünýä derejesinde tanyşdyrylyşy indiki ýylyň başynda bolar

  • 23.12.2022 12:19
  • 22k+

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 12 Pro-nyň dünýä bazaryna çykjakdygyny tassyklady, onuň global wersiýasynyň tanyşdyrylyşy bolsa 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda geçer.

Geçen hepde Xiaomi India Redmi Note 12 Pro+ smartfonynyň tizerini çap etdi, ýöne şol wagt smartfonuň özi çykýamy ýa-da oňa Redmi Note 12-niň maşgalasynyň beýleki agzalary hem goşulýamy, düşnüksiz bolup galypdy.
Redmi Note 12 Pro we  Redmi Note 12 Pro + deslapdan oktýabryň aýagynda hytaý bazary üçin tanyşdyrylypdy. Ondan hem başga, standart Redmi Note 12 we 210 Wt kuwwaty bolan simli zarýadkaly Redmi Note 12 Discovery wersiýasy goýberildi. Bu smartfonlaryň Hytaýyň daşyna gitjegi gitmejegi heniz belli däl.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...