Google lukmanlaryň düşnüksiz hatynyň meselesini çözmäge çalyşýar

  • 21.12.2022 14:27
  • 21k+

Google lukmanlaryň ýaramaz hatyna düşünmekdäki kynçylygyň soňuna çykar. Amerikan kompaniýasy lukmanlaryň hatyny uçdantutma hemmä düşnükli boljak tekste öwürmegiň funksiýasyny utgaşdyrmagy meýilleşdirýär diýip, TechCrunch neşiri ýazýar.

Täze funksiýa gözleg ulgamyna goýlan Google Lens utilitiniň bölegi bolar. Şeýlelikde, näsag lukmanyň ýazan görkezmesini smartfonyň kamerasyna düşürýär, neýroset bolsa dessine haýsy dermanlaryň ýazylandygyny bilýär.
Häzirki wagtda funksiýa diňe hindi dilinde işleýär. Soňlugy bilen Google oňa iňlis dilini hem-de beýleki giň ýaýran dilleri goşmak bilen, terjimeçiniň geografiýasyny  giňeltmegi göz öňünde tutýar. 


25.05.2026 16:09
1.2k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.5k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

05.05.2026 14:00
2.2k+

Ysmaz hassalar Neuralink-yň kömegi bilen pikir arkaly hereket etmegi öwrendiler

Neuralink kompaniýasy ysmaz adamyň öz pikirleriniň kömegi bilen robotlaşdyrylan eli nähili dolandyryp bilýändigini görkezdi. Bu görkezme tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygynyň göz-görtele......