Messi Argentinanyň ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlamaz

  • 19.12.2022 10:30
  • 36k+

Hüjümçi Lionel Messi Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Argentinanyň milli topary ýeňiş gazanandan soň milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlamajakdygyny aýtdy. 

Ýekşenbe güni Argentinanyň milli ýygyndysy Doha şäheriniň etegindäki "Lusail Aýkonik" stadionynda penalti arkaly 4:2 hasabynda Fransiýanyň toparyny utdy (esasy we goşmaça wagtdan soň hasap 3:3) we üçünji gezek dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Messi üçin bu ýeňiş ilkinji boldy. 

"Men şunuň bilen karýeramy tamamlamak isläpdim, mende isläre başga zat ýok. Amerikanyň kubogy, dünýä çempionaty - bular karýeramyň ahyrynda diýen ýaly hasyl boldy, ýöne men futboly we edýän zadymy halaýaryn. Maňa milli ýygyndyda bolmak ýaraýar, men dünýä çempiony hökmünde mundan beýläk hem oýnamak isleýärin" - diýip, TyC Sports Messiniň sözlerini getirýär. 

Şol bir wagtyň özünde Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" toparynyň prezidenti Nasser Al-Helaifi Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi bilen onuň topardaky geljegi barada dünýä çempionatyndan soň gürleşmek kararyna gelnendigini aýtdy. 

"Mbappe bilen Messi "PSŽ-de" galarmy? Elbetde, bularyň ikisi-de dünýä çempionatynyň iň gowy bombardirleri we oýunçylary. Men Leo barada belli bir zat aýtmak islemeýärin, biz onuň bilen karýerasy barada dünýä çempionatyndan soň gürleşmegi ylalaşypdyk" - diýip, RMC Sport Al-Helaifiniň sözlerini getirýär.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....