Messi Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy boldy

  • 19.12.2022 10:29
  • 20k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi we FIFA-nyň "Altyn topunyň" eýesi boldy.

Argentinanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň finalynda fransiýalylary utdy. Duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy, oýnuň goşmaça wagtynda hem toparlar gol geçirdi. Penalti tapgyrynda Argentinanyň ýygyndysy has güýçli boldy - 4:2. Messi oýunda iki gol girizdi hem-de 11 metrlik urgyny ýerine ýetirdi.
Messi Katarda geçirilen dünýä çempionatyndaky ýedi golunyň dördüsini penaltiden saldy. Ol bir dünýä çempionatynyň ähli tapgyrynda gol salan ilkinji oýunçy boldy. Toparlaýyn tapgyrda Messi Saud Arabystanynyň we Meksikanyň, 1/8 finalda awstraliýalylaryň, 1/4 finalda niderlandlaryň, 1/2 finalda horwatiýalylaryň derwezesine gol girizdi. Finalda meýdança çykmak bilen Messi dünýä çempionatlarynda oýun sany boýunça täze rekord (26) goýup, Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony Lotar Matteusyň üstünliginden (25) öňe geçdi.
Katardaky dünýä çempionaty 35 ýaşly Messi üçin karýerasynda bäşinji boldy. Öň Messi 2014-nji ýylyň ýaryşynda dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilipdi.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....