BAE-de awtoýuwalganyň işgäri lotereýden 8,7 mln dollar utdy

  • 17.12.2022 14:12
  • 34k+

BAE-de awtoýuwalganyň menejeri öz doglan gününe lotereý petegini satyn aldy we 8,7 mln töweregi dollar (7 mln funt sterling) utdy. Bu barada gazeta.ru Mirror neşirine salgylanyp habar berdi. 

Awtoýuwalgada menejer bolup işleýän Katar Husseýn müşderileriniň maslahaty bilen öz doglan gününe lotereý petegini satyn aldy. Ol kişi 8,69 mln dollar (7 mln funt sterling) utdy we BAE-de iň iri jekpotlaryň biriniň eýesi boldy.
Oňa utuşy hakynda Hindistana syýahaty wagtynda habar berdiler. Görlüp oturylsa, onuň petek almaga puly ýetmän, dostundan biraz pul karz alan eken. Indi ol utan pulunyň bir bölegini oňa bermekçi bolýar. Mundan hem başga, ol işinden çykyp, telekeçilige başlamak isleýär, şeýle hem maşgalasy üçin jaý gurmagy meýilleşdirýär. 
Ol adam indi lotereý peteklerini satyn almakçy däl, sebäbi utan puly hemmä ýetýär diýip hasaplaýar.


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....