Braziliýanyň Merkezi saýlaw topary Lula da Silwa prezident şahadatnamasyny gowşurdy

  • 15.12.2022 12:18
  • 7.8k+

Braziliýanyň ýokary saýlaw kazyýeti (TSE, MST-nyň işi ýerine ýetirýär) duşenbe güni ýurduň saýlanan prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa ýurduň geljekki baştutanynyň ygtyýarlyklaryny kepillendirýän diplomy gowşurdy. 

Dabara edaranyň TV Justica telekanalynyň ýaýlymynda alnyp görkezildi.
Sosialistleriň baştutany we onuň bilen bile saýlanan wise-prezident Žerald Alkmin TSE-niň ýolbaşçysy Aleşandri di Moraýsyň elinden resminamany aldylar. Dokumentler gowşurylmazyndan öň di Moraýs  2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Milli kongresiň (parlamentiň) öňünde prezident we wise-prezident hökmünde syýasatçylara kasam kabul etmäge hukuk berýän diplomlaryň tekstlerini dabaraly ýagdaýda okady.
Lula da Silwa resminamany alandan soň dabaranyň myhmanlarynyň öňünde çykyş etmek bilen diplomy "demokratiýa bolan hukugyny göreşip gazanan halkyň ýeňşiniň" ykrarnamasy diýip atlandyrdy. 

"Bu biziň diplomymyz" - diýip ol aýtdy. Syýasatçy ýokary bilim hakynda diplom alman galandygyny, munuň üçin telim gezek syýasy garşydaşlarynyň  tankydyna sezewar bolandygyny ýatlap, özünden biraz nägiledigini ýaňzytdy.


31.10.2025 11:43
6.6k+

Rio-de-Žaneýrodaky meşhur Maracana stadiony satuwa çykaryldy

Rio-de-Žaneýronyň häkimiýeti “Fluminense” we “Flamengo” futbol klublarynyň öý oýunlarynyň geçýän ýeri bolan meşhur Maracana stadionyny satuwa çykarmak kararyna geldi. Bu barada RMC Sport habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýdançanyň satuwy ony saklamak üçin çykdajylary azaltmak we sebitiň 1,89 mlrd ýewrolyk bergilerini bölekleýin ýapmak islegi bilen baglanyşykly boldy...

16.10.2025 10:26
7.5k+

BYD San-Pauluda SkyRail "asman otlusyny" işe girizdi

Braziliýanyň iň uly şäherleriniň biri San-Paulu şäherinde Hytaýyň BYD kompaniýasynyň “SkyRail” atly “asman otlusy” işe girizildi diýip, MyDrivers neşiri habar berýär. Täze ulag ulgamy bir wagtyň özünde 616 ýolagçyny gatnadyp bilýär...

08.09.2025 10:52
1.3k+

Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

28.08.2025 15:09
4k+

Arabikany we robustany iň köp ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Kofe öndürýän ýurtlar kofe dänelerini hem içerki bazar, hem eksport üçin ösdürip ýetişdirýärler we gaýtadan işleýärler. Dünýäde kofeniň esasy görnüşleri - arabika we robusta bolup, olaryň ösdürilip ýetişdiriliş şertleri düýpgöter tapawutlanýar...