Dubaýyň howa menzili halkara baýraga mynasyp boldy

  • 14.12.2022 16:24
  • 23k+

Dubaýyň Halkara howa menzili “Aviation Business Awards 2022” bäsleşiginiň jemi boýunça ýylyň howa menzili diýlip ykrar edildi. Bu barada dabaranyň guramaçysyna salgylanyp, Al Arabiya teleýaýlymy habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Bu at geçip barýan ýylda Dubaýyň howa derwezeleri tarapyndan görkezilen “deňi-taýy bolmadyk iş üstünlikleri” üçin berildi. Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda howa menziliniň hyzmatlaryndan 28 mln ýolagçy peýdalandy, bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda üç esse köpdür. Howa menzili hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen, ýolagçylarda uly täsir galdyrdy diýip, Al Arabiya belleýär.
Dubaýyň howa menzili bu baýragy bassyr sekizinji ýyl alýar.
Aviation Business Awards bäsleşigi “Aviation Business Middle East” žurnaly tarapyndan 2007-nji ýyldan bäri geçirilýär. Baýraklar 13 nominasiýada berilýär.


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....