Rejepbaý Rejepow Kolumbiýada agyr atletike boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

  • 13.12.2022 07:17
  • 24k+

Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Rejepbaý Rejepow Kolumbiýanyň paýtagty Bogotoda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 81 kg çenli agram derejesinde kümüş medal gazanmagy başardy. Türgen iki görnüş boýunça jemi 366 kg netije görkezdi.

Belläp geçsek, Rejepbaý Rejepow 2017-nji ýylda ABŞ-da dünýä çempionatynda hem 81 kg çenli agram derejede iki görnüşiň netijeleri boýunça kümüş medal gazanypdy. 2021-nji ýylyň aprel aýynda bolsa, ol Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda 341 kg netije bilen üçünji orny eýeläp, ýaryşyň bürünç medalyny gazandy.
Bogotada ýaryşda altyn medaly Hytaýdan Li Daýin, bürünç medaly bolda Günorta Koreýadan Kim Wu ÇŽe eýeledi.

Agyr atletika boýunça 87-nji dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 5-16-njy dekabry aralygynda geçirilýär.


düýn 17:52
4.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....