Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 12.12.2022 12:16
  • 13k+

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Döwlet Baştutany we myhman özara bähbitli ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Işewür Serdar Berdimuhamedowa düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça kompaniýa ynanylan taslamalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täzeçil ösüş ýoluna düşmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny ornaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Häzirki döwürde Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda gurluşygyň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi we ähli işleriň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talap bolup durýar.
Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilen ýeri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, işewür “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ynamy ödemek we öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine Serdar Berdimuhamedowy ynandyrdy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......