Ýaponiýaly milliarder Aýa ýany bilen äkitjek adamlarynyň adyny aýtdy

  • 12.12.2022 11:28
  • 27k+

SpaceX amerikan kompaniýasynyň kosmiki syýahatçysy hökmünde 2023-nji ýylda Aýa uçmakçy bolýan ýapon milliarderi Ýusaku Maedzawa anna güni öz toparynyň düzümini yglan etdi. Sanawy ol öz saýtynda goýdy. Oňa ýedi adam, şol sanda ýapon gelip çykyşly amerikan dijeýi Stiw Aoki we günorta koreýaly meşhur  ýerine ýetiriji TOP ("Top", hakyky ady ÇHwe Syn Hýon) girdi. Şeýle-de ekipažyň düzümine Çehiýanyň, Irlandiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Hindistanyň wekilleri goşuldy. Toparyň ätiýaçdaky agzalarynyň arasynda ýapon tansçy zenany Miýu hem bar.

"Men bu üýtgeşik adamlaryň Aýa syýahatyma goşulanyna begenýärin. Kosmosda wagtymyz olaryň kellesine nähili ruhlandyryjy pikirleriň geljegini bilmäge howlugýaryn" - diýip, Maedzawa ýazýar.

46 ýaşly Maedzawa 2018-nji ýylda SpaceX-iň birinji kosmiki syýahatçysy edilip saýlandy. Ýaponiýaly milliarder Aýa uçuryljak gämidäki ähli ýerleri özi satyn aldy. Uçuşa, Maedzawy we onuň saýlan adamlaryny öz içine almak bilen, jemi 10-12 adam ugrar. Geçen ýylyň dekabrynda işewür Halkara kosmos stansiýasynda boldy, ony ol ýere Russiýanyň "Soýuz MS-20" pilotirlenýän arş gämisi äkitdi.
Forbes žurnalynyň berýän bahasyna görä, ýaponiýaly işewüriň baýlygy 3 mlrd dollardyr.


18.06.2026 22:13
5.3k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......