Lui wan Gal Niderlandlaryň ýygyndysynyň baş tälimçiliginden aýryldy

  • 11.12.2022 12:46
  • 14k+

Niderlandlar Katardaky dünýä çempionatyndan gaýdandan soň, Lui wan Gal milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada ol topar turniriň çärýek finalynda ýeňlişe sezewar bolandan soň, žurnalistlere mälim etdi. 

Şenbä geçilen gije Niderlandlaryň topary penalti seriýasynda Argentinanyň ýygyndysyndan utuldy. 

"Men Niderlandlaryň ýygyndysynda baş tälimçi bolup işlemegimi dowam etdirmekçi däl, bu hakykatdanam meniň iň soňky oýnum boldy, meniň milli topardaky üçünji möhletim tamamlandy. Soňky gezegimde topar 20 oýunda çykyş etdi, ýekesinde-de bir gezegem (esasy wagtda) utulmandy" - diýip, Lui wan Gal gürrüň berdi.

Hünärmen Niderlandlaryň ýygyndysyna üçünji gezek geçen ýylyň awgustynda ýolbaşçy bolupdy. "Men öz toparyma buýsanýaryn, oglanlar güýjünde baryny etdiler. Biziň utulyşsyz ajaýyp seriýamyz bar, urlan we goýberilen toplaryň aratapawudy örän oňat. Wagtymyz gaty gowy geçdi, häzir şeýdip çykyp gitmegimiz örän agyr degýär" - diýip, 71 ýaşly tälimçi belledi.
 


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....