Şwesiýanyň Şellefteo şäheri Ýewropada iň amatly gurşawly şäher boldy

  • 11.12.2022 12:27
  • 9.3k+

Şwesiýanyň Şellefteo şäheri saglyk ýagdaýy çäkli adamlar üçin iň amatly şäher bolup, Ýewropa Bileleşiginiň Access City Award ýyllyk baýragyna mynasyp boldy. Bu barada euro-pulse.ru habar berýär.

Şeýle adamlar üçin şäheriň artykmaçlyklaryny belläp geçsek, bu şäherde gözi pes görýänler üçin ýol işleri we şäherde bolup biljek beýleki päsgelçilikler barada maglumat berýän SMS hyzmaty işleýär. Şäheriň merkezi seýilgähi we golaýdaky kenar gözi görmeýän we pes görýän adamlar üçin taktil görkezijiler we kartalar, şeýle-de oturylýan ýerler we maýyplar arabasy üçin lift bilen üpjün edilendir.
Mundan başga-da, Şellefteo intellektual mümkinçilikleri çäkli bolan ýaş adamlar üçin ýörite okuwlary guraýar. Bu okuwlarda olar döwrebap tehnologiýalar we iş usullary bilen tanşyp bilýärler. Bu hem olara garaşsyz uly adamlaryň durmuşynda ýaşamaga kömek edýär.
Ispaniýanyň Kordowa şäheri we Sloweniýanyň paýtagty Lýublýana ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Geçen gezek Access City Award baýragynyň ýeňijisi Lýuksemburg boldy.


12.09.2025 17:55
9k+

Şwesiýadaky batgalykda bäş müňýyllyk “wagt kapsulasy” tapyldy

Şwesiýada arheologlar Gerstabergdäki Ýerna sebitinden uzakda bolmadyk batgalykda taryhdan ozalky predmetler bilen “wagt kapsulasyny” tapdy diýip, Heritage Daily habar berýär. Gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýerinde agaç pürsünden, paýadan ýasalan desgalar we örülen önümler tapyldy, olaryň ýaşy, takmynan, 5 müň ýyla barabar diýlip hasaplanýar...

26.07.2025 16:51
5.5k+

Osloda gazuw-agtaryş işleri mahalynda takmynan 7 asyr ozalky müňlerçe deri artefaktlar tapyldy

Arheologlar Oslo duralgasyndan müňlerçe deri artefaktlary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda XIII we XIV asyrlara degişli aýakgap, torbalar, gapjyklar we gylyç gynlary bar diýip, Live Science ýazýar. Gazuw-agtaryş işleri başlangyç we orta mekdebiň gurulmagy meýilleşdirilýän D2 meýdançasynda geçirilýär...

09.06.2025 19:30
7.2k+

Şwesiýada çagalarynyň dişine dogry ideg etmändigi üçin ene-atasyna temmi çäresi görüldi

Şwesiýanyň kazyýeti üç çagasynyň dişine dogry seretmändigi üçin ene-atany sekiz aý azatlykdan mahrum etdi. Bu barada Aftonbladet gazeti habar berdi. Boros şäherinde işleýän diş lukmany öz kabul edişligine gelen çagalaryň dişini görenden soň degişli edaralara ýazan arzasy derňew işlerine başlanmagyna sebäp boldy...

20.04.2025 21:54
3k+

Şwesiýada 7500 ýyl ozal söweş paltasy hökmünde ulanylan şah tapyldy

Şwesiýada arheologlar Strandwegen ýerinden tapylan 7500 ýyllyk sugun şahyny öwrendi. Sekiz ýyl mundan ozal tapylan artefakt döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen öwrenildi. Ylmy gözlegiň netijeleri barada Live Science neşirine Lund uniwersitetinden arheolog Lars Larssen gürrüň berdi...