Günorta Koreýanyň ilaty ýaşy hasaplamak ulgamyndaky üýtgeşmeler sebäpli resmi taýdan bir ýa-da iki ýaş kiçeler

  • 11.12.2022 16:03
  • 24k+

Günorta Koreýanyň parlamenti ýaşy hasaplamagyň ýurtda adat bolan ulgamyny ýatyrmak hakynda karar kabul etdi. Ulgam 2023-nji ýylyň iýunyndan başlap resmi resminamalarda ýatyrylýar we ähli instansiýalar halkara ülňüsindäki ulgama geçerler diýip, "Renhap" ýazýar.​ ​

Şu wagta çenli Koreýa Respublikasynda ýaşy hasaplamagyň üç ulgamy ulanylýardy. "Koreý däbine" görä, çaga doglanda ol bir ýaşynda diýip hasaplanýar. Şonda kamary ýyl hasaby boýunça her täze ýylyň birinji güni oňa ýene bir ýaş goşulýar. Ýagny, eger çaga 2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda doglan bolsa, ol bir ýaşynda diýip hasaplanýar, täze kamary ýylynyň birinji güni bolsa ol eýýäm iki ýaşynda bolýar.​ ​

Ikinji bir ulanylýan däp, ol hem çaga doglanda ol nol ýaşynda bolýar, ýöne täze ýylyň birinji gününden oňa her ýyl bir ýaş goşulýar. Bu ulgam adatça çilim çekmäge we alkogolly içgileri içmäge rugsat berilýän ýaşa ýetilende ulanylýar.​ ​

Şol bir wagtda ýurtda halkara ulgam hem ulanylýar, çaga doglanda onuň ýaşy nol bolup, her doglan gününde oňa bir ýaş goşulýar.

Täze kanun iýun aýyndan başlap, ýurtdaky resmi resminama dolanyşygynda diňe halkara ulgamyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar, şol sebäpli Koreýanyň "doglanda bir ýaşly" raýatlary bir ýaş kiçelerler.​ ​

Häzirki ýurt başyndaky​ "Halk häkimiýeti partiýasynyň" wekili Ýu San Bom bu meselä täzeden seredilmegi gerekmejek sosial-ykdysady çykdajylary kemeltmäge gönükdirilendir, sebäbi hasaplamak ulgamyndaky bulaşyklyk sebäpli köp sanly hukuk we jemgyýetçilik jedelleri ýüz çykýar diýip mälim edýär.​ ​ 


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....