Marokko Portugaliýany ýeňip, taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy

  • 11.12.2022 11:47
  • 15k+

Marokkonyň futbolçylary Katardaky dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykmagy başardylar.

Dohada geçirilen çärýek final duşuşygynda marokkolylar Portugaliýany 1:0 hasabynda ýeňmegi başardylar.
42-nji minutda ýeke-täk goly Ýussef En-Nesiri geçirdi.
Ýarym finalda Marokko Angliýany ýeňlişe sezewar eden Fransiýa bilen duşuşar.
Marokko dünýä birinjiliginiň ýarym finalyna çykmagy başaran taryhda ilkinji afrikan milli ýygyndysy boldy.


23.04.2026 16:19
6k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

23.04.2026 15:40
6.2k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....

23.04.2026 12:31
9.1k+

«Barselona» El-Klasikoda Oliwiýa Rodrigonyň logotipi bolan ýörite eşikde oýnar

«Barselona» futbol kluby öňümizdäki «Klasikoda» amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigonyň logotipi şekillendirilen ýörite sport eşiklerinde meýdança çykar. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär. Bu çäre......

22.04.2026 00:22
4k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....