Dünýäde iň baý maşgalalaryň sanawy düzüldi

  • 10.12.2022 12:06
  • 51k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti Muhammed ben Zaid Al Nahaýýanyň maşgalasy dünýäde iň baý maşgala diýip ykrar edildi. Maşgalanyň baýlygy 300 milliard dollar diýip bahalandyrylýar diýip, Beýik Britaniýanyň The Times neşiri ýazýar.  

Al Nahaýýanlaryň baýlygynyň esasynda energiýa serişdelerinden girýän girdeji, şeýle hem sowatly maýa goýum syýasaty - gozgalmaýan emläk bazaryna we dürli kompaniýalara serişde goýmak durýar.
Hususanam, abu-dabili maşgala Royal Group kompaniýasy degişlidir. Onda 27 müňden gowrak adam işleýär, olar dürli ugurlarda zähmet çekýärler. Mundan hem başga, Angliýanyň "Mançester Siti" futbol klubunda, SpaceX amerikan kompaniýasynda, şeýle hem Savage x Fenty modalar öýünde hem maşgalanyň paýy bardyr. 
Sanawda ikinji ýeri Uoltonyň amerikan maşgalasy eýeledi. Olaryň Walmart dükanlar tory bar (224,5 milliard dollar). Soňra sanawda adybir süýji-köke kompaniýasyny esaslandyryjylar bolan Marsyň maşgalasy (160 milliard dollar), Koch Industries senagat konglomeratynyň dolandyryjysy bolan Kohuň maşgalasy (128,8 milliard dollar), şeýle hem Saud Arabystanynyň patyşa maşgalasy (105 milliard dollar) gelýär.  


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....