Apple eplenýän ekranly 20 dýumlyk MacBook-y işläp taýýarlamaga başlady

  • 10.12.2022 11:57
  • 5.9k+

Apple 2025-nji ýylda çykmagyna garaşylýan 20 dýumlyk eplenýän noutbuklary işläp taýýarlamaga girişdi. Bu barada The Elec portaly habar berýär.

20,5 dýumlyk çeýe displeýli eplenýän MacBook-yň taslamasy işläp taýýarlaýyşyň irki tapgyrynda diýip bellenýär.
Şeýle-de, çeşmäniň habar bermegine görä, Apple 2024-nji ýylda OLED ekranly ilkinji iPad-i goýbermegi meýilleşdirýär, 2025-nji ýylda bolsa eplenýän gurluşyň ykjam iPad mini planşediniň alternatiwasy hökmünde tanyşdyrylmagy mümkin.
Häzirki wagtda bazarda çeýe displeýli birnäçe model görkezildi. Şeýlelik bilen, 2020-nji ýylda Lenovo X1 Fold-y goýberipdi we ol eplenýän ekranly birinji noutbuk bolupdy. Soňra 2022-nji ýylda sökülen görnüşdäki 16,3 dýumlyk ekrany we noutbuk hökmünde ulanylýan 12 dýumlyk displeýi teklip edýän täzelenen model görkezildi. Şuňa meňzeş gurluşlary Asus kompaniýasy hem çykarýar. 


09.06.2026 23:04
2.9k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....