Serdar Berdimuhamedow BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministrini kabul etdi

  • 10.12.2022 11:40
  • 4.5k+

9-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow ýakynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparyny ýatlap, onuň barşynda ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilendigini, möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki gepleşikleriň, şeýle hem öňde boljak beýleki, şol sanda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiriljek duşuşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirildi.
Serdar Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, BAE-niň biziň ýurdumyzyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumyny, himiýa senagatyny, ulag-kommunikasiýa hem-de maliýe-bank ulgamlaryny netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, şulardan ugur alyp, beýleki birnäçe ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini zerur hasap edýändigini belledi.
Döwlet Baştutany BAE-däki hyzmatdaşlaryň gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk tekliplerine türkmen tarapynyň seretmäge taýýardygyny tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.


düýn 22:55
679

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......