DÇ-2022: Argentina Niderlandlary ýeňip, ýarym finala çykdy

  • 10.12.2022 03:15
  • 18k+

Çärýek final duşuşygynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary oýundan soňky 11 metrlik urgular boýunça Niderlandlardan üstün çykyp, Katarda dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdylar.

Lusailde geçen duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasap bilen tamamlandy.
35-nji minutda Lionel Messiniň pasyndan Nauel Molina gol geçirdi, 73-nji minutda bolsa, Messi 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi.
83-nji minutda Nilderlandlardan Waut Wegorst toparynyň birinji goluny geçirdi, 90+11-nji minutda bolsa hasaby deňledi.
Goşmaça wagtda hasap üýtgemedi. Oýundan soňky 11 metrlik urgularda argentinalylar 4:3 hasabynda üstün çykdylar.
Ýarym finalda Argentina Braziliýany ýeňen Horwatiýa bilen duşuşar.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....