Huawei korpusyň içinde nauşnik ýerleşdirilen sagatlary çykarar

  • 08.12.2022 18:20
  • 11k+

Huawei kompaniýasy simsiz nauşniklere zarýad bermek we saklamak üçin daşlyk hökmünde çykyş edýän Huawei Watch Buds smart sagatlaryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu barada Gizmodo portalyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Täze gurluşyň ýokarky gapajygy açylýar we onuň içinde-de ýörite çuňluklarda ýerleşdirilen nauşnikler saklanýar. Daşky görnüşi boýunça sagatlar Huawei Watch 3 modelini ýada salýar, ýöne reliz barada başga hiç hili maglumat ýok. Nauşnikler barada aýdylanda, olar kompaniýanyň öň çykaran hiç bir modeline meňzemeýär.
Kompaniýanyň täze gajetleriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň 2-nji dekabrda bolmagyna garaşylypdy, ýöne ol näbelli möhlet bilen yza süýşürildi. Muňa garamazdan, anonsyň öňki anyk senesini göz öňünde tutup, Huawei Watch Buds sagatlarynyň dükanlara çykmaga doly derejede taýýardygyny bellemek bolar.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...