Ýaponiýanyň Hakuto-R Aý missiýasyny 7-nji dekabrda uçurmak meýilleşdirildi

  • 06.12.2022 23:40
  • 5.9k+

Ýaponiýanyň ispace kompaniýasynyň Hakuto-R awtomatik kosmiki gämisini Aýa 7-nji dekabrda uçurmak meýilleşdirildi diýip, ýöriteleşdirilen Next Spaceflight neşiri habar berýär. 

Uçurylyşyň wagty SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa göterijisindäki tehniki meseleler bilen bagly öňem iki gezek  üýtgedilipdi.
Soňky maglumatlara görä, goýberilişi 7-nji dekabrda Florida ştatyndaky kosmiki güýçleriň bazasynda 40-njy SLC bat alyş toplumyndan ABŞ-nyň Gündogar kenarýaka wagty bilen sagat 06:04-de (16:04 aşg.) geçirmek meýilleşdirilýär.
Öňde duran missiýa dolulygyna hususy hasaplanýar. Hakuto-R  Aýa üstünlikli gonan  taryhda ilkinji hususy kosmiki apparat bolar. Ýaponiýanyň ispace kompaniýasy gonuş gurluşlaryny döretmek üçin robotlaşdyrylan kosmiki apparatlaryň tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar.
Bir tonnalyk gonuş modulyny 2023-nji ýylyň aprelinde Ýeriň tebigy hemrasynyň görünýän tarapynda Atlas kraterinde gondurmak meýilleşdirilýär. Onuň gapdaly ylmy abzallar bilen enjamlaşdyrylyp , ol stasionar zond hökmünde barlag işlerini ýerine ýetirer.
Ýaponiýanyň takmynan 2 x 2,5 metr ölçegli gonuş apparaty bilen birlikde Aýa Birleşen Arap Emirliklerinde döredilen agramy 10 kg töweregi bolan Rashid lunohody hem uçar.
Mohammed Bin Raşidiň (BAE) Kosmiki merkezinde gurlan mikrorower ýokary razreşeniýeli iki sany kamera, mikroskop, teplowizor we Lengmýuryň zondy bilen enjamlaşdyrylan.

Rashid lunohody  Ýer hasaby bilen 14 günläp dowam etjek missiýasy wagtynda   Aý üstüni surata almaly we bir topar barlaglary geçirmeli.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

08.06.2026 16:26
5.1k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......