Türkmenistanyň Prezidenti Dohada Kataryň Emiri bilen duşuşdy

  • 04.12.2022 09:52
  • 17k+

3-nji dekabrda Doha sapar bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Halifa stadionynyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar türkmen wekiliýetiniň Katara şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine berk ynam bildirdiler.
Söhbetdeşler dünýäniň geosyýasy we geoykdysady giňişliginde iki dostlukly döwletiň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.
Iki ýurduň Baştutanlary ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, bu hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligini hem-de ony iki ýurduň bähbidine amala aşyrmaga özara taýýardyklaryny nygtadylar.
Duşuşykdan soňra Serdar Berdimuhamedow dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän Niderlandlaryň we ABŞ-nyň ýygyndy toparlarynyň duşuşygyna tomaşa etdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......