Fransiýalylaryň bageti ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

  • 02.12.2022 23:59
  • 11k+

Fransiýalylaryň adaty çörek batony bolan baget ÝUNESKO-nyň hökümetara komitetiniň mejlisinde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda hasaba alyndy. Bu barada Interfax.ru habar berýär.

Ilkibaşda sanawy doldurmak üçin üç dalaşgär göz öňünde tutuldy. Olaryň arasynda Parižiň üçekleri, Burgundiýadaky Arbua kommunasynda çakyr önümçiliginiň baýramçylygy we baget bar.
Heniz 2018-nji ýylda Fransiýanyň prezidenti Emmanýuel Makron bageti maddy däl mirasyň sanawyna girizmegi teklip etdi. “Baget – fransiýalylaryň gündelik durmuşy, çörek – aýratyn bir taryh, bu fransiýalylaryň her gün irdeni, günortany we agşamy. Oňa tutuş dünýäniň gözi gidýär” – diýip, ol belläpdi.
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň obýektleriniň sanawyna Hytaýyň däp bolan çaý öndüriş we taýýarlaýyş tehnikasy hem girizildi.
Guramanyň saýtynda munuň çaý plantasiýalaryny dolandyrmak, çaý ýapraklaryny ýygnamak, olary elde işlemek, şeýle-de çaý içmek we bilelikde içmek bilen baglanyşykly bilimleriň, başarnyklaryň we tejribeleriň ykrar edilmegini aňladýandygy nygtalýar.


25.06.2026 19:11
5.8k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......