Marca: Ronaldu “Al-Nasra” geçmäge ýakynlaşdy

  • 01.12.2022 16:52
  • 21k+

Portugaliýaly oýunçy Kriştianu Ronaldu ýakyn wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” futbol kluby bilen şertnama baglaşyp biler. Bu barada “Marca” habar berýär diýip, sport-interfax.ru belleýär.

Şertnama iki ýarym möwsüm üçin niýetlener we şertlere görä 37 ýaşly futbolçy möwsümde 200 mln ýewro alar. Bu mukdara zähmet töleginden başga-da, mahabat şertnamalaryndan gelýän girdejiler hem girýär.
22-nji noýabrda Ronaldu ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda “Mançester Ýunaýted” bilen şertnamany ýatyrdy. “MÝ-de” çykyş eden döwründe futbolçy Angliýanyň üç gezek çempiony, Angliýanyň ligasynyň kubogynyň iki gezek eýesi boldy. Şeýle-de, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda, Klublaýyn dünýä çempionatynda, Angliýanyň Kubogynda we Super kubogynda ýeňiş gazandy. Ronaldu “Mançester Ýunaýted” üçin geçirilen 346 oýunda 145 gol girizdi.
Häzirki wagtda ol 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyny geçirýän Katar döwletindedir. Gananyň derwezesine gol girizmek bilen, Ronaldu rekord eýesi boldy: ol taryhda bäş dünýä çempionatynda gol salan ilkinji oýunçydyr.


düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......