Ross Braun “Formula-1-iň” sport müdiri wezipesinden gidýär

  • 01.12.2022 16:37
  • 3.5k+

Britaniýaly Ross Braun “Formula-1-iň” sport müdiri wezipesinden gidýändigini habar berdi. Bu barada rsport.ria.ru belleýär.

“Maňa soňky ýyllarda eden zatlarymyň ählisi ýaraýardy. Meniň toparyň bir bölegi bolmak islegim ýitdi, men indi boldy diýen netijä geldim. Mende şeýle mümkinçiligiň bolandygy hem bagtdan bir nyşan. Indi işden gitmegiň wagty geldi” – diýip, Braun “Formula-1-iň” resmi saýtynda ýazýar.
“Biz köp işleri bitirdik. 2026-njy ýylda täze bolidler peýda bolar, ýöne dört ýyl diýseň uzak. Şonuň üçin işe täze bir adamlar topary başlasa has gowy bolar. Men “Formula-1-den” gowy pursatda gidýärin diýip hasaplaýaryn. Indi “Formula-1-e” janköýer hökmünde diwanda oturyp tomaşa ederin” – diýip, 68 ýaşly hünärmen sözüniň üstüni ýetirýär.

Braun 2017-nji ýyldan bäri “Formula-1-iň” sport müdiri wezipesini eýeleýärdi. Mundan öň ol “Benetton”, “Ferrari” toparlarynda tehniki müdir bolup işledi, “Braun”, we “Mersedes” toparlarynyň ýolbaşçysy boldy.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....