Anýelli işinden gidenden soň, Ferrero “Ýuwentusyň” prezidenti belleniler

  • 30.11.2022 17:59
  • 6.7k+

Janluka Ferrero Italiýanyň “Ýuwentus” klubunyň prezident wezipesine belleniler diýlip, “býankonerleriň” öňki prezidenti Andrea Anýelliniň maşgalasynyň futbol klubuna gözegçilik edýän Exor holding kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Bu barada rsport.ria.ru belleýär.

Duşenbe güni “Ýuwentus” toparyň müdirler geňeşiniň işinden çekilýändigi barada mälim etdi. Ýagny, Anýelli, wise-prezident Pawel Nedwed we baş ýerine ýetiriji müdir Maurisio Arriwabene öz wezipelerini terk etdiler. Anýelli 2010-njy ýyldan bäri “Ýuwentusyň” prezident wezipesini eýeleýärdi. Nedwed 2015-nji ýylda klubyň wise-prezidenti boldy.

“Ýuwentus” futbol klubunyň müdirler geňeşi tarapyndan düýn kabul edilen çözgütlere salgylanyp we 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwaryna bellenilen paýdarlar ýygnagynyň öňüsyrasynda Exor Janluka Ferrerony “Ýuwentusyň” prezidenti wezipesine bellejekdigini habar berýär. Ferreronyň baý tejribesi we zerur bilimleri, şeýle-de “Ýuwentus” klubuna çynlakaý höwesi bar, bu hem ony bu wezipä mynasyp dalaşgär edýär. Exor müdirler geňeşiniň düzümine dalaşgärleriň doly sanawyny kanun tarapyndan bellenilen möhletde, ýagny 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda geçiriljek mejlisden 25 gün öň mälim eder” – diýlip, habarda aýdylýar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......