Ýylyň başyndan bäri Türkmenistan Hytaýa 40 mlrd kub metrden gowrak gaz iberdi

  • 29.11.2022 14:07
  • 10k+

PipeChina West Pipeline kompaniýasynyň habar bermegine görä, 2022-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 40 milliard kub metrden gowrak türkmen tebigy gazy eksport edildi.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde turbageçiriji günde ortaça 120 million kub metr tebigy gazyny eksporta iberipdir.
Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilenine 4730 gün bolup, şol günden bäri durnukly we howpsuz ýagdaýda işini dowam etdirýär. Hytaýyň 27 welaýatynda 500 milliondan gowrak halky hut şu tebigy gazdan peýdalanýar.
Öň, TmCars.info türkmen gazynyň HHR-e ibermeleriniň baha möçberi 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 8,23 mlrd dollara deň bolandygyny habar beripdi.


08.06.2026 19:01
4.7k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...