«Mançester Ýunaýted» Ronaldunyň ornuny tutjak iki oýunçy tapdy

  • 29.11.2022 13:30
  • 23k+

Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) “Mançester Ýunaýted” klubunyň baş tälimçisi Erik ten Hag portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň ornuna “Milandan” Rafael Leaony we “PSW-de” çykyş edýän Kodi Gakpony göz öňünde tutýar. Bu barada ESPN-e salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, “MÝ” iki oýunçydan birini ýanwar aýyndaky gyşky transfer penjiresinde satyn almak isleýär.
Ýatlap geçsek, Ronaldu öň žurnalist Pirs Morgan bilen geçirilen söhbetdeşlikde “Mançester Ýunaýtediň” tälimçiler ştabyny, ýolbaşçylygyny we syýasatyny tankytlady. Şondan soň klub oýunçy bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak kararyna geldi.
Häzirki möwsümde Ronaldu Anliýanyň çempionatynda on oýna gatnaşyp, bir gol geçirdi. “MÝ-däki” şowsuz möwsüme garamazdan, ol Katardaky 2022-nji ýylyň dünýä çempionaty üçin Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzümine goşuldy.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....