Britaniýaly lukman we paralimpiýaçy Jon Makfoll maýyplygy bolan ilkinji astronawt bolar

  • 27.11.2022 17:18
  • 13k+

Ýewropanyň kosmos agentligi (EKA) 17 sany täze astronawtyň adyny mälim etdi, olaryň arasynda britaniýaly lukman we paralimpiýaçy Jon Makfoll hem bar. EKA-nyň 41 ýaşly täze astronawty taryhda maýyplygy bolan ilkinji astronawt bolar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär diýip, forbes.kz belleýär.

Jon Makfoll 19 ýaşynda motosikl heläkçiligine uçrady we netijede onuň sag aýagy kesilip aýryldy. Gutulyp, protezi özleşdirenden soň ol sport bilen meşgullanyp, 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Paralimpiýa oýunlarynda paralimpiýaçy sprinter hökmünde Beýik Britaniýanyň türgeni bolup çykyş etdi. Şonuň bilen birlikde Makfoll Beýik Britaniýada lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, hirurg-trawmotolog boldy.
Makfollyň kandidaturasy EKA taslamalaryna gatnaşmak üçin çäkli mümkinçiligi bolan beýleki 257 adamyň tabşyran arzasynyň arasyndan saýlandy. EKA-nyň dolandyrylýan we awtomatlaşdyrylan uçuşlar bölüminiň ýolbaşçysy Dewid Parkeriň aýtmagyna görä, Jon Makfollyň guramanyň düzümindäki işleri maýyplygy bolan adamlaryň rahat we netijeli ýaşap hem-de işläp, missiýalaryny ýerine ýetirmekleri üçin kosmos gämilerini we kosmos stansiýasyny uýgunlaşdyrmaga kömek eder. Jon Makfollyň agentlikdäki wezipesi “parastronawt” hökmünde görkezilýär.

“Biz paralimpiýaçy türgenlere meňzeş şekilde “parastronawt” adalgasyny saýladyk. Ýöne olara bildirilýän talap beýleki astronawtlara bildirilýän talaplar bilen deňdir” – diýip, Dewid Parker belledi.


19.06.2026 19:18
3.5k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......