Argentinanyň ýygyndysy we FIFA Diego Maradonany hatyralady

  • 27.11.2022 11:41
  • 17k+

Argentinanyň futbol boýunça ýygyndysy we Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçylary Katardaky dünýä çempionatynyň çäklerinde Diego Maradonany hormat bilen ýatladylar diýip, Associated Press agentligi habar berýär. 

"Diego baky ýaşaýar, ol henizem biziň aramyzda" - diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Katardaky çärede Maradonanyň hakyky ululykda ýasalan heýkeliniň ýanynda durka aýtdy. "Adamlarda sporta söýgi döretmekde onuň ýaly köp iş etmek heniz hiç kime başartmadyk bolsa gerek" - diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Futbol boýunça indiki dünýä çempionatlarynda bir gün ýörite beýik futbolçyny hatyralamak üçin bellener diýip, Infantino ynandyrdy.

Agentligiň maglumatlaryna görä, anna güni ady rowaýata öwrülen futbolçyny hatyralamak we milli ýygyndyny goldaýandyklaryny bildirmek üçin argentinaly birnäçe müň  janköýer Doha ýygnandy.
Argentinanyň milli ýygyndysy Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Meksikadan üstün çykdy.
Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Argentinalylar 64-nji minutda Lionel Messiniň geçiren goly bilen öňe saýlandylar. 87-nji minutda bolsa, Messi Enso Fernandese netijeli pas berdi.


şu gün 10:53
623

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......