Binance kriptowalýuta bazaryny dikeltmek üçin gazna döretdi

  • 27.11.2022 11:34
  • 4.8k+

Dünýädäki iň uly kriptowalýuta biržasynyň operatory Binance Holdings Ltd. ýylyň başyndan bäri 1,4 trln dollar töweregi ýitiren kriptowalýuta bazaryny dikeltmegi maksat edinýän gaznany döretdi. Industry Recovery Initiative (IRI) adyny alan gazna maýadarlar üçin açyk bolup, 6 aý töweregi hereket eder. Şol bir wagtyň özünde Binance munuň maýa goýum gaznasy däldigini belleýär diýip, interfax.ru habar berýär.

IRI gaznasyna elýeterli bolmak üçin her bir maýadar gaznanyň aç-açanlygyny üpjün eder ýaly açyk salgylanmalary peýdalanyp, kriptowalýuta görnüşinde kapital bermeli bolar. Binance-yň özi IRI-ne 1 mlrd dollar berdi we geljekde zerur bolan ýagdaýynda bu mukdary 2 mlrd dollara çenli artdyryp biler. Binance-yň başlygy Çanpen Çžao Twitter akkauntynda kompaniýanyň serişdeleriniň üç tokene – bitkoinlere, Binance USD-e we Binance Coin-e bölünendigini habar berdi.
IRI ýapylan wagtynda maýadarlar ulanylmadyk serişdelerini yzyna alyp bilerler. Kapital bermegi eýýäm wada beren gatnaşyjylaryň arasynda birža Jump Crypto, Polygon Ventures, Aptos Labs, Animoca Brands, GSR, Kronos we Brooker Group ýaly kriptowalýuta kompaniýalaryny agzap geçdi. Olar umumylykda 50 mln dollar bermäge söz berdiler.
IRI pullary kriptowalýuta pudagyndaky dürli taslamalara gönükdirer. Oňa eýýäm serişde almak üçin 150 töweregi arza gelip gowuşdy.


06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.3k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...