Amazon film önümçiligine ýylda 1 mlrd dollardan gowrak serişde sarp etmegi meýilleşdirýär

  • 26.11.2022 15:57
  • 3.1k+

Amazon.com Inc. film önümçiligine ýylda 1 mlrd dollardan gowrak serişde sarp etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Kompaniýa bu filmleri akym hyzmatlarynda çykarman, adaty premýeralary geçirip, olary kinoteatrlarda prokata goýbermekçi bolýar. Amazon bu pullara ýylda 12 – 15 film surata düşürmegi göz öňünde tutýar.
Kompaniýanyň meýilnamalary, durmuşa geçirilen ýagdaýynda, ony filmleriň sany boýunça Paramount Pictures ýaly uly studiýalar bilen deň edip biler.
Şol bir wagtyň özünde Amazon kompaniýasyna öz akym platformasy arkaly işlemegi makul hasaplaýan Netflix Inc. bilen bäsdeşlik etmek üçin has köp maýa goýmak gerek bolar. Netflix ýylda 100-e golaý film çykarýarka, Amazon bary-ýogy 26 töweregi film çykarýar, olaryň köpüsi-de iňlis dilinde däl.
2022-nji ýylyň mart aýynda Amazon Golliwudyň MGM studiýasyny 8,45 mlrd dollara satyn almak baradaky şertnamany ýapdy. Hut şu studiýanyň hem kino pudagynda kompaniýanyň esasy aktiwine öwrülmegine garaşylýar.


27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......

12.05.2026 14:49
4.4k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

09.02.2026 07:35
783

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin...

02.02.2026 12:33
4k+

Gymmatbahaly «Melaniýa» tankyda garamazdan bahasyny ödeýär

«Melaniýa» ABŞ-da görkezilip başlanan ilkinji günlerinde girdeji boýunça dokumental filmleriň arasynda rekord goýdy. Kino prokata çykan ilkinji güni 2,9 million dollar toplady. Dynç günleriniň netijeleri boýunça bolsa bu girdeji 7 million dollardan aşdy...