Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň ady üýtgedildi, käbir häkimlikleri ýatyryldy

  • 26.11.2022 09:12
  • 24k+

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrap häkimliginiň adyny üýtgedip, ony Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap häkimligi diýip atlandyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar, Gumdag we Hazar şäher häkimlikleri hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrap häkimligi ýatyryldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizer.
Balkan welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......